DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Google» çipsy çykardy

Amerikanyň «Google» korporasiýasy «Tensor» kompaniýasynyň hususy çipi bilen çykarylan «Pixel 6» smartfonlarynyň satuwyny gyzdyrmak üçin çipsy (gyzardylyp gowrulan ýeralma) çykardy. Bu barada «Секрет фирмы» saýty habar berýär.

Çipsylaryň gaby täze gadjetiň bezegini gaýtalaýar we şonuňky ýaly reňklerde ýerine ýetirilen. «Google» jemi 10 000 gap çipsy çykardy, ýöne olary satmakçy däl. Tagamly sowgat ýörite sargyt dolduran «Pixel 6»-ny satyn alana berler.

Çipsylar «Google Original Chips» diýlip atlandyrylýar. Muny «Google original çipsylary» ýa-da kompaniýanyň dört ýyllap işläp taýýarlan «Tensor» mikoprosessorlaryny görkezýän «Google original çipleri» diýip terjime edip bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: