ABŞ kompaniýasy uçýan ulag öndürdi
Soňky ýyllarda meşhur kompaniýalar tarapyndan uçýan ulaglaryň birnäçe görnüşi döredilen hem bolsa, henize çenli olara uçuş gatnawyny amala aşyrmaga rugsat berlenokdy. Bu mümkinçilige ilkinji bolup Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Alef Aeronautics» kompaniýasynyň «Model A» ulaglary eýe boldy. Bu häzirkizaman ulagy edil ýeňil awtoulaglar ýaly 4 tigirli bolup, onuň hereketlendirijisi dolulygyna elektrikleşdirilendir. Olar awtoulaglaryň ýokary synpyna degişlidir. Bu modeliň bahasynyň gymmatdygyna seretmezden, eýýäm ony sargyt edenleriň sany 440-dan geçdi. Iki adamlyk bu ulaglaryň şäheriň çäklerinde, ýollarda hereket etmeklerine we adaty awtoulag duralgalarynda ýer eýelemeklerine garaşylýar. Uçýan ulaglar ilkinji müşderilerine 2025-nji ýylda hyzmat edip başlar.