DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Microsoft» akkauntlar üçin paroldan boýun gaçyrmaga mümkinçilik döretdi.

«Microsoft» öz peýdalanyjylaryna hasap ýazgylarynda parollardan doly boýun gaçyrmaga mümkinçilik berdi. Bu barada «Коммерсантъ» gazeti ýazýar.

Kompaniýada parollary «könelen» we akkauntlaryň howpsuzlygyna wehim salýar diýip hasap edýärler. Onuň deregine biometriki görnüşini içine almak bilen birnäçe täze görnüşlerini teklip edýärler.

Paroly öçürmek üçin «Microsoft»-nyň hasabat ýazgyly sahypasyny açmaly, ulgama girmeli, «howpsuzlygyň goşmaça parametrlerine» geçmeli we «parolsyz hasabat ýazgysy» diýen opsiýany saýlap almaly. Eger täze format ulanyjynyň göwnüne ýaramasa, ol ýene-de hasabat ýazgysy üçin parola dolanyp gelip diler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: