JEMGYÝET

Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigini geçirýär

Türkmenistan we GFR mundan 30 ýyl diýen ýaly ozal diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdular. Ýakynlaşyp gelýän senäni göz öňünde tutup, Germaniýanyň ilçihanasy ýaşlaryň arasynda «Germaniýa — Türkmenistan: 1991—2022—2052» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär. Oňa ýaşlar birnäçe temalarda düşürilen widerolikler, gysga metražly filmler we şahyrana eserler bilen gatnaşyp bilerler. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär diýip, «centralasia.news» ýazýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 30 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlar çagyrylýar. Olar bäsleşigiň aşakdaky soraglaryna jogap bermeli bolarlar: Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy sen nähili göz öňüne getirýärsiň? Seniň üçin hyzmatdaşlyk we diplomatiki gatnaşyk nämäni aňladýar? Türkmenistan we Germaniýa bilen baglanyşykly haýsy meseleler seni tolgundyrýar? Sende Germaniýa bilen nähili tejribäň bar?

Bäsleşigiň şertlerine görä, wideo-jogap on minutdan köp bolmaly däl, şonuň ýaly-da, jogap sanly fotokollaž görnüşinde hem bolup biler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 10-njy aprele çenli  becreative@opendiplo.de elektron salga maglumatlary iberip, bellige aldyrmaly.

Bäsleşigiň netijeleri 27-nji aprele çenli mälim bolar we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: