Lebap welaýatynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat we Farap şäherlerini birleşdirýän awtoulag köprüsiniň üstünde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda welaýatyň görnükli aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, köçäniň ugrunda ýerleşýän binalaryň birnäçesiniň ― Türkmenabat şäherindäki 62-nji çagalar bagynyň, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň, «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň, welaýat köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda we Baş baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-saz çykyşlar ýörişiň dabarasyny şatlyk goşdy. Şäheriň bir künjegindäki köprüden beýleki bir künjegindäki welaýat Köpugurly hassahanasynyň ýanyndaky merkezi ýadygärlik binaly aýlawa çenli 15 ― 20 kilometr çemesi aralygy bir demde geçdiler.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada bolsa sport welosipedleriniň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň özboluşly sergisi guralypdyr.
Gündogar sebitde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar diňe bir köpçülikleýin weloýöriş bilen çäklenmeýär.