Ukrainadaky türkmen raýatlary Stambulyň üsti bilen Türkmenistana geldirler

«Stambul ­­­­— Türkmenabat» aralygyna uçuşy amala aşyran «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Boeing» kysymly uçarynda, Ukrainada dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Türkiýä geçen hem-de bu ýurtda dürli sebäplere görä galan raýatlaryň bir bölegi Türkmenistana geldi. «TUA-3922» ýörite gatnawda gelen 290 sany ýolagçylar Türkmenabadyň halkara howa menzilinde mähirli garşy alyndy. Degişli gulluklar tarapyndan, raýatlarymyza uçuş döwründe we ýurdumyza gelende ähli hyzmatlar ýokary derejede, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Agzalan raýatlaryň arasynda ähli welaýatlardan ýaşaýjylar bolup, olar degişli tertipde karantin gözegçiligini geçenden soňra maşgalalaryna gowşar.

Ukrainadaky ýagdaýlar bilen bagly, raýatlarymyzy guramaçylykly  ýurdumyza getirmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän aladanyň ilkinji tapgyry däl. Mälim bolşy ýaly, 10.03.2022-nji ýylda ýörite gatnaw bilen Rumyniýadan 282 sany, 14.03.2022-nji ýylda Polşadan 251 sany Türkmenistanyň raýatlary getirildi.

Şeýlelikde, jemi 823 türkmen raýaty şu tertipde ýurdumyza getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector