JEMGYÝET

Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Stambul — Türkmenbaşy — Stambul» ugry boýunça ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» web saýtyna salgylanmak bilen, «turkmenportal.com» ýazýar.

Nobatdaky guralýan ýörite uçuşdan Türkmenistana wagtlaýyn gelýän rus raýatlary hem peýdalanyp bilerler. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram sahypasynda ýerleşdirildi.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Stambul — Türkmenbaşy — Stambul» aralygyna guralan ýörite uçuş 2022-nji ýylyň 13-nji fewralynda amala aşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: