DÜNÝÄDÄKI HABARLARLUKMANÇYLYK

Alymlar garramagy haýalladýan derman tapdylar

Russiýanyň «Новости» habar beriş agentliginiň ýazmagyna görä, amerikan alymlary lukmançylykda giňden ulanylýan glisin we asetilsistein garylyp ýasalan serişdäni synagdan geçiripdirler. Onuň netijesi dermanyň garrylygyň köp kemçiliklerini aradan aýyrýandygyny, endamyň güýjüniň we garry adamlaryň aň ýetiriş ukybynyň dikeldilýändigini görkezipdir. Bu baradaky makala «Clinical and Translational Medicine» žurnalynda çap edilipdir.
Hýustondaky Beýlor Lukmançylyk kollejiniň alymlarynyň synagdan geçiren «GlyNAC» serişdesi glisinden we N-asetilsisteinden (NAC) durýar. Glisini antidepressiw we nootrop serişde hökmünde ulanýarlar, NAC-nyň düzümine belli ASS mukolitiki serişde girýär. Bu iki serişdäniň himiki reaksiýasy glutationyň netijeli tebigy antioksidantyny bermegiň esasyny goýmaga hyzmat edýärler.
Alymlar «GlyNAC»-ny 24 hepdäniň dowamynda oňat kabul edenlerinde, gartnaşan adamlaryň özlerini oňat duýýandyklaryny, ýöne ýene-de 12 hepdeden soň onuň täsiriniň gowşap başlaýandygyny we kem-kemden ýitip gidýändigini ýüze çykarypdyrlar.
Muňa garamazdan, olar «GlyNAC» goşundysyny sagdyn garrylygy saklamak üçin ýönekeý, howpsuz we netijeli serişde bolup biler diýip hasaplaýarlar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply