Geçen ýyl durky täzelenip, ulanylmaga berlen Saýat etrap hassahanasynda etrabyň taryhynda ilkinji gezek tomografiýa, fizioterapiýa ýaly has döwrebap lukmançylyk hyzmatlary berlip başlandy. Bu barada welaýat neşiri ýazýar.
Döwrebap enjamyň kömegi bilen endamyň islendik ýerinde, kellede, bil we boýun oňurgasynda, öýkende dörän näsazlyklary ýüze çykaryp bolýar. Enjam kellede dörän çişleri, könelişen we täze döwükleri, gan basyşynyň ýokarlanma alamatlaryny ýüze çykarmakda-da giňden peýdalanylýar. Bil we boýun oňurgalarynda dörän ingileri, öýkendäki inçekeseli, pnewmoniýalary, bronhitleri, bronh ýollaryndaky sowuklamanyň dürli görnüşlerini takyk anyklamakda hem onuň ähmiýeti örän uludyr. Enjamyň ýene bir artykmaçlygy 120 kilogram agram derejesindäki näsaglary göterip bilýär.