LUKMANÇYLYK

Türkmenistanda «Sputnik Laýt» sanjymy hasaba alyndy

2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Göni maýa goýumlaryň Rus gaznasynyň (GMgRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan «Sputnik Laýt» sanjymyny öz çäginde ulanmak üçin resmi taýdan makullady. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler» diýip, belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurtlarynda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletlerde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. GMgRG şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtlarda önümçiliginiň hem meýilleşdirilendigini habar berýär. Hususan-da, ýakyn wagtda Sputnik Laýt» sanjymy Hindistanda, Hytaýda, Günorta Koreýada, Wýetnamda, Meksikada, Argentinada, Serbiýada we Türkiýede öndürilip başlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: