YKDYSADYÝET

Gazagystana we Gyrgyzystana 200 tonnadan gowrak pomidor eksport edildi

«Ýigit» hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen pomidoryň 200 tonnasy Gazagystana we Gyrgyzystana ugradyldy.  Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 34 gektar ýyladyşhana toplumynda şu günler pomidoryň ilkinji hasyly ýygnalýar. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän «Mahmal» haryt nyşanly, ýokary hilli gök önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Eksport edilýän pomidorlar «Marwelans» sortundan bolup, uzak aralyga daşamaga has durumlydyr.

Işewürler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda goňşy ýurtlara her möwsümde ýüzlerçe tonna pomidor ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: