DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Google»-den peýdalanyjylar 9-njy noýabrdan akkaunta täze düzgün boýunça girmeli bolarlar

Dokuzynjy noýabrda «Google»-niň hasabat ýazgysyna girmek üçin ähli ulanyjylar hökmany suratda iki faktorlaýyn autentifikasiýa (hakykylygynyň barlagyndan) geçmeli bolarlar. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

«Gizmochina»-nyň ýazmagyna görä, loginden akkaunta girmek üçin şahsyýeti tassyklamak maksady bilen SMS arkaly gelen ýa-da elektron hat bilen gelen bir gezeklik kody girizmeli bolar.

Parollary ogurlamagyň hasabat ýazgysyny döwmegiň iň köp bolýandygyny we iki faktorlaýyn autentifikasyýanyň  «Google»-de akkauntlary päliýamanlardan gorajakdygy bellenilýär.

«Google»-de dokuzynjy noýabra çenli iki faktorlaýyn autentifikasyny aktiwirlemediklere onuň awtomatiki ýagdaýda çatyljakdygyny aýdýarlar. Şonuň ýaly-da, ony sazlama girip, elde hem aktiwirläp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: