Bagtly bolmagyň baş ýollarynyň biri kitaplara göz gezdirmek, ähmiýetli zatlary okamak we täze maglumatlar bilen akyly ösdürmek, kämilleşdirmekdir. Kitap – ol iň gowy söhbetdeşdir, erbetlige yrmaýan dostdur, tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr, sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr, ol ýalan söz bilen ýaranjaňlyk etmeýän, aldawçylyga ýüz urmaýan, mekirlik etmeýän, hile gurmaýan malyňy eliňden almak islemeýän şärikdeş işdeşdir. Kitap okamagyň haýry-peýdasy örän köp. Okadygyňça, kitaba bolan höwesiň artar. Pikirleriň durlanar, zehiniň ýiteler, diliň ýazylar, sözleriň täsirli ýaňlanar, göwnüň göteriler, gursagyň giňär. Kitap okamak saňa halk hormatyny bagyş eder.
Kitap gündizlerine tabyn bolşy ýaly, gijelerine hem hyzmatyňdadyr. Öýde gulak asyşy ýaly, ýolda-saparda hem gol astyňdadyr. Kitapda uky keseli ýokdur, uzak gijeläp irkilmekden halasdyr. Ol her wagt dadyňa ýetişýän Hydyr ata ýalydyr. Sen ondan üzülseňem, ol saňa berýän peýdasyny üzmez. Sen ondan çetleşseňem, ol saňa boýun bolmagyny dowam eder. Garşydaşyň döwi rüstem gelip, onuň ýeňiş ýeli öwsende hem, ol aňry tarapa geçip, seniň garşyňa çykmaz.
Sen saý-sebäp bilen ýa-da ýürekden kitaba ýapyşsaň, ol seni özgeleriň maslahatyna mätäç etmez. Kitabyň ýardamçylygy ýeterlik bolar. Sen kitap bilen bolsaň, ýalňyzlyk duýmarsyň, ýaramaz söhbetdeşe mätäç bolmarsyň. Kitabyň peýdasyny-haýryny ýatlamasagam, bimany gepleri eşitmekden, bihuda işlere meşgul bolmakdan, pes häsiýetli kimseleriň gybatyna goşulyp, olaryň gödeňsi sözlerine, bozuk manylaryna, ýaramaz häsiýetlerine, ýazgarylmaga laýyk nadanlyklaryna gulak gabartmakdan saklaýandygy hem uly nygmat ahyry. Bu saňa bir tarapdan salamatlyk, beýleki tarapdan bolsa olja-baýlykdyr. Bir haýryň şahasyna aslyşyp, süňňüni sag saklaýan kökünden haýyr görmekdir. Onuň, iň bolmanda, bozuk hyýallardan, ýaltalyga, işýakmazlyga, bikärlige werziş bolmakdan, oýun-güýmenjelere endik etmekden saklaýandygy we ýoldaşyna haýyr-nygmat, abraý hem-de hoşallyk getirýändigi uçin hem, ol dost hasaplanmaga örän laýykdyr. Dem-dynç alýan adamlar gündizlerini, bilesigeliji kimseler gijelerini kitap okap geçirýärler. Durmuş tejribelerini artdyrmak, akyly we adamkärçiligi ösdürmek, abraý-mertebäni saklamak, ýörär ýoluňy düzlemek, baýlyk goruny artdyrmak, hünär eýesi bolmak we bir haýyrly işe başlamak, döwletli tutumy ugrukdyrmak uçin kitapdan peýdaly närse ýokdur.
Kitap okamaklyk ýürege ornaýan waswasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar. Her bir işde nähaklyk etmekden saklaýar. Bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň. Sakynyp-säginmekden saklap, sözlerimize çeperlik we şirinlik çaýýar. Akylyň ösýär, zehiniň joşýar, pikiriň durlanýar. Bilime baý bolup, ýatkeşligiň we düşünjäň ýitileşýär. Ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň ylymlaryny özleşdirýärsiň. Ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapýarsyň. Çünki kitap iň beýik nesihatçy, haýry ündeýji we ýamanlykdan gaýtaryjydyr. Akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany geçirmekden saklaýar. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.
Hudaýberdi Jumaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň başlygy.