LUKMANÇYLYK

Ýaňy doglan çaga göwreli bolup çykdy

Aşdod (Ysraýyl) lukmançylyk merkeziniň lukmanlary tas ösünden gidipdiler. Olar täze doglan çagany barlagdan geçirenlerinde onuň garyn boşlugunda ikinji ösen çaganyň bardygyny ýüze çykardylar. Bu barada «Комсомольская правда» habar berýär. Ýaňy doglan çaganyň garnynyň uludygy ony ultrases barlagyndan geçirmegiň zerurdygy baradaky pikiri döredipdir. Barlagdan soň ony gyssagly operasiýa iberipdirler we çagany aýyrypdyrlar. Çaga dogurdan lukmanyň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaý örän seýrek duş gelýär we bir million göwrelilikde birden köp bolmaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: