Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň göçme kubogy ugrunda ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň göçme kubogy ugrunda küşt boýunça açyk ýaryş tamamlandy. «Ýeňişlerden ýeňişlere badalga bilen» diýen at bilen uly we kiçi ýaşlylaryň arasynda geçirilen bäsleşige türgenleriň 180-si gatnaşdy. Olaryň 96-sy kiçi, 84-si bolsa uly ýa’lylarydyr.

Birnäçe günläp dowam eden duşuşyklaryň netijesinde ulularyň arasynda Dänew etrabyndan gelen Lala Şöhradowa ulularyň arasynda hemmelerden öňe saýlandy we kuboga mynasyp boldy. Ulularyň arasynda ikinji orny şu mekdebiň küştçüsi Wepa Halnyýazow, üçünji orny bolsa dänewli Mähri Aýmakowa eýeledi. Kiçi ýaşlylaryň arasynda 13-nji sport mekdebiniň türgeni Didar Baltaýew göçme kubogyň eýesi boldy. Ikinji we üçünji orunlara bolsa degişlilikde şu mekdebiň türgenleri Žasmin Rahmedowa we Alybek Azizow eýelediler.

Ýaryşyň netijeleri boýunça kubokdan başga-da, 20 küştçä Hormat haty gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector