YKDYSADYÝET

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda 1 müň tonnadan gowrak buýan ekstrakty öndürildi

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda geçen dokuz aýda buýan köküniň 2 müň 285 tonnasy taýýarlanyldy.

Bu ýerde buýan köküni gaýtadan işlemek bilen, onuň gury we suwuk ekstraktyny taýýarlaýarlar. Geçen döwürde bu önümiň 1 müň tonnadan gowragy öndürildi we sarp edijilere ugradyldy. Öndürilen önümiň umumy bahasy bolsa 11 million 275 müň manatlykdan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: