Türkmenistana mini-traktorlar we olaryň enjamlary getirildi

BMG-niň Oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistan üçin üç sany mini-traktor, üç sany dört hatarly ekiji we üç sany dişli kultiwator, No-Till ekijisini we 15 sany iki tigirli motblogy satyn aldy we agrotehniki çäreleri geçirmek üçin ýurda getirdi.

Bu aksiýa FAO-nyň «Merkezi Aziýa we Türkiýäniň gurakçylyga uçran we şorlaşan oba hojalyk önümçilik landşaftlarynda tebigy gorlary toplumlaýyn dolandyrmak»  atly sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bu gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector