JEMGYÝET

Äpet zemzen supermarketde süýt içmekçi boldy

Tailandyň Nakhonpathom şäherindäki «7-Eleven» supermarketine gelenler süýt goýlan tekjelere tarap süýşüp barýan zemzeni gördüler. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Ilki bilen ol aýna gapyly sowadyjyny açmakçy bolupdyr, ýöne bu ýerde ol şowsuzlyga uçrapdyr. Soňra zemzen süýt we onuň ýerini tutýan önümler duran tekjelere çykyp başlapdyr. Adamlaryň geň galmakdan ýaňa aýdýan sözlerine we gülküsine üns bermän, ol guýrugyny çykaryp, ýokarky tekjeleriň birinde arkaýyn ýerleşipdir.
Ony görenleriň aýtmaklaryna görä, şol gün gaty yssy bolan eken. Şonuň üçin hem, ol ýakyndan akýan akabadan çykyp, salkynrak ýer gözlemek üçin supermarkete gelendir diýip çaklaýarlar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply