JEMGYÝET

Türkmenabatda hukuk meseleleri boýunça kabul edişligiň geçiriljek güni belli boldy

18-nji ýanwarda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. 

Welaýat neşiriniň habar berşi ýaly, kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň binasynda sagat 17:30-da başlanýar. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993422 3-20-54.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: