DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde iň uzyn boýly gyz Türkiýede ýaşaýar

Oktýabryň ortalarynda Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleri resmi taýdan häzir ýaşaýanlarynyň arasynda dünýäde iň uzyn boýly aýal diýen adyň dünýä rekordyna mynasybynyň adyny mälim etdiler. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Bu ada türkiýeli Rumeisa Gelgi diýen 24 ýaşly gyz mynasyp boldy. Onuň boýy 215,16 santimetre barabar.

Bu Gelginiň şular ýaly rekordynyň ikinjisidir. 2014 ýylda ony dünýädäki iň uzyn boýly ýetginjek hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildiler.

Gyzyň adaty bolmadyk boýunyň Uiweriň sindromy diýlip atlandyrylýan genetiki keseliň sebäp bolandygy barada habar berilýär. Bu kesele skeletiň we içki organlaryň anomal ösüşi bilen sazlaşýan çalt ösüş mahsus.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: