SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen futbolçysy ökde oýunçylaryň hatarynda

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň resmi saýtynda AFK-nyň Kubogy-2021-iň ökde oýunçysyny saýlamak bilen bagly geçirilýän ses berlişikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Elman Tagaýewiň adynyň hem bardygyny bellemek gerek. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» toparynyň düzüminde AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Aziýa sebitinde geçirilen toparçalaýyn ýaryşyna, soňra bolsa final duşuşygyna gatnaşan E.Tagaýewiň geçirilen duşuşyklarda 5 gezek tapawutlanmagy başarandygyny bellemek gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: