Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäheri aýdyň gündizleri we ýagty gijeleri hem-de bu ajaýyp baýramy ruhubelent garşylaýan ýaşaýjylary bilen has-da ajaýyp görünýär.
Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda Ruhyýet köşgi, Bagt köşgi, sport toplumy, döwrebap myhmanhana — olardan başga hem owadan binalaryň giden uzyn hatary şähere gelşik berip, keşde bolup uzalýar. Biri-biriniň owadanlygynyň üstüni ýetirip barýan binalaryň sazlaşygy «Türkmeniň ak öýi» binasy bilen has-da utgaşýar.
Baýramçylyk günlerinde ile hyzmat edýän gulluklaryň: ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda, saglygy goraýyş we beýleki zerur bolan gulluklaryň işgärleriniň Täze ýyly iş orunlarynda garşylamaklary adamlar üçin uly amatlylyklary hem döredýär. Tamamlanyp barýan ýyl bilen gadyrly hoşlaşyp, Täze, 2024-nji ýyly ruhubelent garşylaýan türkmenabatlylar asylly işlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin ýene-de öňe tarap ynamly gadam urýarlar.