“Farap” şypahanasynyň lukmany maşklaryň peýdasy barada aýtdy
“Farap” şypahanasynyň lukmany Adyljan Şerniýazow hereketjeňlik we işjeň dynç alyş sagdynlygyň gözbaşydygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, yzygiderli ýerine ýetirilýän beden maşklary keseliň öňüni almaga ýardam edýär, ömrüňi uzaldýar.
Irden ýerine ýetirilýän maşklar bejerijilik häsiýetine eýedir.
Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy çuňlaşdyrýar we madda alyş-çalşygyny ýokarlandyrýar. Netijede adam günüň dowamynda özüni şähdaçyk duýýar.
Şeýle-de sagaldyş maşklary ýygy duş gelýän keselleriň ýasydabanlygyň, içgatamanyň, bognagyrynyň, ukusyzlygyň, aşa ýadawlygyň, semizligiň, gan basysynyň ýokarlanmagynyň öňüni alýar.
Lukman, gündelik fiziki maşklar süňkleriň berkligini, bogunlaryň hem-de myşsalaryň çeýeligini ýokarlandyrýanlygy sebäpli maşklar bilen yzygiderli meşgullanmagy endik edinen adam öz saglygyny gorap, keselleriň öňüni almagy bașarardygyny berk nygtady.