Awazada okuw maslahaty geçirildi
26-njy fewral ― 1-nji mart aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň söwda we telekeçilik, gurluşyk we senagat hem-de awtoulaglar we ýol gurluşygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işjeň agzalarydyr gaznaçylarynyň hem-de derňew toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň işine degişli edaralaryň Lebap welaýatyndaky wekilleri hem gatnaşdylar.
Däbe öwrülen okuw-maslahaty degişli ugurlar, esasan hem, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işini göwnejaý ýola goýmak üçin özboluşly mekdebe öwrüldi. Ajaýyp syýahatçylyk künjeginiň gyş bilen baharyň sepgidindäki sergin howasy bu ýerde köpsanly medeni we sport çärelerini geçirmäge hem mümkinçilik berdi.
Üstümizdäki aýyň ilkinji ongünlüginde Awazadaky okuw maslahatlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň, döwlet edaralarynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmaklarynda dowam eder.
Ýeri gelende aýtsak, şeýle maslahatlary fewral ― aprel we oktýabr ― noýabr aýlarynda geçirmek meýilleşdirilýär.