YKDYSADYÝET

Döwlet eýeçiligindäki binalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler

 Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda döwlet eýeçiligindäki binalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçirer. Ol döwlet emläginiň söwdalarynyň www.е.fineconomic.gov.tm sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly guralar.

Satuwa Lebap welaýatyndaky birnäçe binalar hem çykylar. Olaryň arasynda öňki «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň «Amyderýa» söwda kärhanasynyň jaýlary, «Hojambaz» alyjylar jemgyýetiniň limonarisi, «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Türkmenabat şäherindäki jaý bar. Bäsleşikli söwda Hojalyk hasaplaşygyndaky «Lebapdaşarysöwda» birleşiginiň dükanynyň jaýy we «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezi hem bar. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk gurnama müdirliginiň kerpiç önümhanasy we dynç alyş öýi hem alyjylara garaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: