Söwda nokatlaryna alkogolsyz içgileriň 286,3 müň dekalitrden gowragy ugradyldy

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýedi aýda alkogolsyz içgileriň 286,3 müň dekalitrden gowragyny öndürdiler we söwda nokatlaryna ugratdylar. Önümiň aglaba bölegi soňky iki aýda çykaryldy.

Welaýatyň telekeçileriniň öndüren dürli tagamly içgileri «Kristall Bek», «Yşgyn», «Ramakwa», «Sümmül», «Titi», «Mahmal», «Arçalyk» we beýleki söwda belgileri bilen alyjylara hödürlenilýär. Geçen döwürde «Sümmül» söwda belgili arassalana agyz suwunyň 130 müň dekalitri çykaryldy. «Yşgynyň» paýyna alkogolsyz içgileriň 89,6 müň dekalitri düşýär. «Titi» atly içgileriň bolsa 35 müň dekalitrine ýakyny alyjylara hödürlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector