YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrdylar.

Ýanwar aýynda olar 21 tonnadan geçirip mal etini (diri agramda) sarp edijilere ugratdylar. Bu ondan öňki ýylyň degişli döwründäkisinden 10 göterim köpdür. Söwda nokatlaryna ugradylan ýumurtganyň mukdary bolsa iki essä ýakyn artdy. Has takygy, bir aýda telekeçilere degişli towuk fermalarynda 1 million 7,5 müňden geçirilip, ýumurtga öndürildi. Şonda ösüş depgini 190 göterime barabar boldy. Süýt öndürmekde 109, konditer önümlerini öndürmekde bolsa 126 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: