BIZE YAZYARLAR

ŞOWLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Türkmen halky owal-ahyr nesil baradaky aladany baş ýörelge edinýar.Ýaş nesil halkyň guwanjydyr, ertirki röwşen geljegidir. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda çaga terbiýesine uly üns berilýär.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk taryhy senesiniň ýokary derejede bellenilmegi mynasybetli “Türkmeniň Altyn asyry ” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine bäsleşigiň mekdep tapgyrynyň ýeňijileri gatnadylar.

 Bu geçirilýän bäsleşikler Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň bellenilmegi,  ýurdumyzyň abraý-mertebesini ýene bir ýola dünýä aýan eder.

 Türkmen halky özüniň iň eý görýän gymmatlyklaryny nesline miras goýýar.Watanymyzyň barha  kuwwatlanmagynyň kepili, onuň geljegi bolan ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplere wepalylyk ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ine, bu gün bolsa “Türkmeniň Altyn asyry ” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine  Dänew etrabynyň orta mekdepleriniň höwesjeň aýdymçy ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar.

  2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, etrap Bilim bölüminiň gurnamagynda Dänew etrabynyňGaraşsyzlyk şäherçe Medeniýet öýünde “Iň eýjejik gyzjagaz-2022” atly bäsleşik geçirildi. Dabara mekdep müdirleri, mekdep mugallymlary, okuwçylar gatnaşdylar. Dabarada çeper höwesjeňler aýdym-sazly çykyşlary, tanslary ýerine ýetirdiler, ruhubelentlik bilen bäsleşdiler. Bäşleşigiň soňunda ýeňiji bolan, tapawutlanan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan, Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary  dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: