YKDYSADYÝET

Dostluk galla önümleri kärhanasynda 110,3 göterim ösüş depgini gazanyldy

Dostluk galla önümleri kärhanasynda üstümizdäki ýylyň tamamlanan bäş aýynda gowy hilli unuň 10710 tonna öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,3 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Şeýle-de, kärhanada hasabat döwründe kepegiň 3299 tonnasy, tüwiniň hem 300 tonnasynyň öndürilmegi üpjün edildi. Bu ýerde ilatyň ösen isleginden peýdalanýan çörek önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar. Has takygy, geçen döwürde bu zerur önümiň 581 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama 103,44 göterim berjaý edildi. Dostlukly gaýtadan işleýjiler ýetip gelýän galla oragyna hem önümçilik desgalaryny, ammarlary göreldeli taýýar etdiler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: