YKDYSADYÝET

Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynda ýyllyk tabşyryk artygy bilen ýerine ýetirildi

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguzdaky çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary tamamlanan ýylda haly we haly önümleriniň 2628 inedördül metrden gowragy dokap, tabşyrygy 103,6 göterim berjaý etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Halylaryň aglaba böleginiň ýörite buýurmalaryň esasynda dokalandygy bellärliklidir. Häzirki wagtda kärhananyň uly göwrümli halylaryna isleg gün-günden artýar. Täze gölleri, reňkleriniň utgaşykly öwüşgini hem-de uly göwrümi bilen tapawutlanýan nepis gölli türkmen halylary täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş maksatly desgalara, edara binalaryna aýratyn bezeg berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: