YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtly işewürler uglewodorod ýangyjyna uly isleg bildirdiler

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtly işewürler uglewodorod ýangyjyna uly isleg bildirildi. Mysal üçin, Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaza isleg bildirdiler. Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyňwe BAE-niň telekeçileri daşary ýurt puluna tüýjümek önümleri, nah ýüplük aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 576 müň dollaryndan gowrak boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: