LUKMANÇYLYK

Bütin dünýäde koronawirusyň garşysyna 7 milliarddan gowrak doza sanjym edildi

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy 7 milliard dozadan gowrak sanjym edildi, diýip «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Bu sanjymlaryň agramly bölegi 3 ýurduň: Hytaýyň (2.3 mlrd), Hindistanyň (1.1 mlrd) we ABŞ-nyň (0.4 mlrd) paýyna düşýär. Bu barada dünýä ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde beýan edilen resmi beýanatlaryna görä taýýarlanan hasabatda bellenilip geçilipdir.

Ýöne şol hasabatlara görä, dünýäde sanjym etmegiň depgini birneme peselýär. Ozalky 1 milliard doza sanjym 29 günde amala aşyrylan bolsa, soňky 1 milliardlyk sanjym üçin 37 gün gerek boldy.

Häzirki wagtda tutuş dünýäde ondan gowrak sanjym giňden ulanylýar. Olaryň hatarynda Russiýanyň «Sputnik V», «Sputnik Laýt», «Epiwakkorona», «Kowiwak», ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikdäki «Pfizer/BioNTech», britan-şwed kompaniýasynyň «AstraZeneca», Hytaýyň «Sinovac» we «Sinopharm», Hindistanyň «Covaxin», şeýle hem ABŞ-nyň «Moderna» hem-de «Johnson & Johnson» sanjymlary bar.