JEMGYÝET

Çagalara we ýetginjekler öňüni alyş sanjymlary geçirilýär

Lebap welaýatynda hem ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýaýramak howpunyň öňüni almak maksady bilen, 12—14, 15—17 ýaş aralygyndaky ýetginjeklere öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Edil häzirki günlerde mekdeplerde iki tapgyrlaýyn alnyp barylýan sanjymlaryň birinji tapgyry 15—17 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde geçirildi. Ikinji tapgyra bolsa 21 günden soň girişilýär.

Sanjymlama işi ýörite toparlar esasynda alnyp barlyp, her toparda çagalaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edýän lukman, sanjym edýän hem-de hasaba alýan şepagat uýalary bolýar. Çaganyň saglyk ýagdaýy barlanylandan soňra sanjymlama geçirilýär. Ondan soňra hasaba alyş işleri amala aşyrylýar. Sanjymlamalar geçirilmezden ozal ýörite düzen topar bolup, her mekdepde ata-eneleriň arasynda sanjymyň ähmiýeti barada wagyz-ündew işleri geçirilýär. Sanjymyň bedende ýiti respirator ýokanç kesellerine garşy göreşmek ukybyny döredýändigi, şol keseller ýokuşan ýagdaýynda-da çaganyň keseli ýeňil derejede geçirip bilýändigi jikme-jik düşündirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: