Lebap welaýatynda nah ýüplük öndürmek boýunça meýilnama iki essä ýakyn ýerine ýetirildi

2022-nji ýylda Lebap welaýatynyň pamyk egriji kärhanalarynda ýyllyk meýilnama iki essä ýakyn ýerine ýetirildi.

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde meýilleşdirilen 38 million manatlygyň ýerine 49 million 496 müň manatlyk nah ýüplük öndürilip, şonuň 20 million 72 müň 679 manatlygy eksporta iberildi. Şu döwürde Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginde 60 million 577 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürilip, şonuň 26 million 452 müň manatlykdan gowragy daşary ýurtly hyrydarlara ýollanyldy. Seýdiniň pagta egriji fabriginiň önümleriniň hem 45 million 43 müň manatlykdan gowragy eksporta goýberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector