LUKMANÇYLYK

Britan alymlary: kofe bagyry goraýar

Kofeniň islendik görnüşini (kofeinli ýa-da onsuz, döwülen ýa-da ereýän) içmek bagyryň dowamly keselleriniň ösmeginiň we onuň bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň öňüni alýar. «Mail.ru»-nyň ýazmagyna görä, bu barada britan alymlary aýdypdyrlar. Olaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri «BMC Public Health» žurnalynda çap edilipdir. Angliýanyň Sautgempton we Edinburg uniwersitetleriniň alymlarynyň geçiren synaglarynyň netijeleri her gün 3-4 käse (çaşka) kofe (görnüşiniň tapawudy ýok) içýän adamda ondan saklanýanlaryňka garanda, bagyryň dowamly keselleriniň ösmeginiň we ondan ýogalmagynyň peselmegine täsir edýändigini görkezipdir. Esas hökmünde yzygider kofe içýänleriň britan biobankyndaky 500 000-siniň maglumatlary alnypdyr. 10 ýylyň dowamynda olaryň bagyrynyň dowamly keselleriniň ösüş meselesi we onuň bilen bagly beýleki organlar gözegçilikde saklanylypdyr. Ýöne alymlar barlaglarda kofeniň içilýän wagtynyň, mukdarynyň, ony içýäniň milletiniň, üpjünçilik derejesiniň anyklanylmandygy duýdurýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: