YKDYSADYÝET

«Çigildem» haryt nyşanly täze önümler çykarylyp başlandy  

On ýyla golaý wagt mundan ozal telekeçilik işine girişen Şemşat Aşyralyýewanyň şu ýylyň başynda öz hususy önümhanasynda öndürilen «Çigildem» haryt nyşanly diwanlarynyň, gaz plitalarynyň, aşhana we otag mebelleriniň täze görnüşlerini ilata hödürledi. Täze önümler öňkülerden has döwrebaplygy, bezeg aýratynlyklary, bäsdeşlige ukyplylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda kärhanada ýumşak mebeller bilen bir hatarda, aşhana, ýaşaýyş jaý we edara otaglaryna niýetlenen dürli görnüşli mebel toplumlary hem öndürilýär. Şeýle hem bu ýerde müşderileriň islegine görä, dürli bezeg aýratynlyklaryny özünde jemleýän, aşhanadyr otag ölçeglerine laýyk gelýän mebeller hem öndürilýär, taýýar bolan önümi eltip we gurnap bermek hyzmatlary-da ýerine ýetirilýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar. Bu ýerde öndürilýän dürli görnüşli ýassyklardyr düşekçeler hem müşderileriň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: