Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynda esasy çig mal bolan nebitiň 194 müň 457 tonnasy gaýtadan işlenilip, 146 müň 295 tonna önüm alyndy.
Şonuň 77 müň 100 tonnasy göni kowlan benzin, 1 müň 500 tonnasy mazut, 49 müň 344 tonnasy dizel ýangyjy, 10 müň 744 tonnasy agyr wakuum gazoýly we 7 müň 577 tonnasy bolsa nebit ýol bitumydyr.
Bu görkezijileri geljekde has-da artdyrmagy maksat edinýän zawodyň agzybir işçi-hünärmenleriniň zähmet depginleri barha batlanýar.
