«STT» hususy kärhanasynda şpatlýowkalaryň öndürilişi 7 esse gowrak artdy
Işini Köýtendag etrabynda alyp barýan «STT» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1960 tonna şpatlýowka öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirileninde,7,3 esseden artykdyr.
Geçen ýyldakysyndan 85 tonna köp hek öndürildi. Has takygy bu önümiň 260 tonnasy çykarylyp, ulanyjylara ugradyldy. Şonuň ýaly-da, geçen döwürde 1593 tonna gips öndürildi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýyndakysyndan 817 tonna kändir. Kärhanada gips kartonyň 21 müňden gowragy, nahar duzunyň 12 tonnasy çykaryldy.