YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda geçen ýylyň meýilnamasy 121 göterime ýakyn ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda geçen ýyl fosforly dökünleriň 270 müň 500 tonnasy öndürildi. Bu göz öňünde tutulanyndan 46 müň 500 tonna köpdür.

Netijede kärhanada ýyllyk meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi. Zawod Türkmenistanyň  senagat kärhanalaryny kükürt kislotasy bilen hem gerekli mukdarda üpjün edýär. Bu ýerde geçen ýylda kükürt kislotasynyň 111 müň tonnasy öndürildi we buýurma berenlere ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: