SPORT WE SYÝAHAT

Çagalaryň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Lebap welaýatynyň topary iň gowy netijeleri görkezdi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde terbiýe alýan oglanlar we gyzlar 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda iň gowy netijeleri görkezdiler. Oňa Aşgabat şäherinden we ýurduň welaýatlaryndan 300-e ýakyn ýaşajyk küştçi gatnaşdy.

Lebap welaýatyndan baran oglanlar we gyzlar mümkin bolan 18 sany dürli derejeli medallaryň 12-sini gazandylar. Aýratyn hem, gyzlar örän şowly çykyş etdiler. Olar öýlerine 8 medal bilen dolandylar. Diňe Aşgabat şäherinden Perwana Serdarowa 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda 1 altyn medal gazanmagy başardy.

12 ýaşa çenli ýaş derejesinde bu gezek lebaply oglanlara üstünlik ýaran bolmady. Ýöne bu ýaşdaky gyzlaryň arasynda ähli medallary lebaply ýaşajyk küştçüler eýelediler. Ýagny, Nebahat Myradowa, Nurana Jumanyýazowa we Merjen Ylhamowa dagylar degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orna mynasyp boldular.

10 ýaşly çagalaryň arasynda Didar Baltaýew ikinji, Baýhan Jumaýew bolsa üçünji orny eýelemegi başardy. Aýýa Owliýakulyýewa we Laçyn Açyldyewa dagylar hem şeýle ýerlere mynasyp boldular.

8 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Maksat Awlýakulyýew ýurduň çempiony diýen ady gazandy. Umar Japarow bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Gyzlar bolsa garşydaşlaryna baýrakly orunlary eýelemäge hiç hili mümkinçilik galdyrmadylar. Bu ýaşdaky gyzlaryň arasynda ähli medallary lebaply küştçüler gazandylar. Ine, olaryň atlary: Dünýä Ruslanowa (çempion), Sewara Atajanowa (ikinji orun) we Altyn Geldimyradowa (üçünji orun).

 Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň direktory Sona Jumakulyýewanyň aýtmagyna görä, bu üstünlikde Türkmenistanyň at gazanan treneri Güljahan Öwlýakulyewanyň, trenerler Zumrat Açylowanyň, Maýa Koçkarowanyň we Oguljan Reýimowanyň hyzmatlary uly.

Lebaply ýaşajyk küştçüleriň üstünliginde şu mekdepde terbiýe alan Bahadur Hojamkulyýewiň hem hyzmatynyň uludygyny bellemek gerek. Ol 2017-nji ýylda hemişelik ýaşamak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp gidipdi we häzir ol ýerde tälimçi bolup işleýär. Bahadur küşt boýunça tälim alan mekdebi bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. 2021-nji ýylda ol Lebap welaýatynyň ýaşajyk küştçüleriniň arasynda «Lebapchess» onlaýn ýaryşlary gurady. Geçen ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Muhtar Temirowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirlen onlaýn ýaryşlary, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, dört tapgyrda geçirilen açyk Gran pri ýaryşlaryny guramaga hemaýat etdi. Ol ýene-de birnäçe ýaryşlary, şol sanda welaýatyň açyk birinjiligini geçirmäge hemaýat etdi. Bu ýaryşlarda çagalar uly ýaşly küştçüler we weteranlar bilen oýnadylar we tejribe topladylar. Olara gatnaşan çagalar Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem oýnadylar. Şonda lebaply türgenleriň gazanan netijeleri edilen aladalaryň oňyn miwelerini berýändigine güwä geçýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: