BIZE YAZYARLAR

Çagalar saz çalsa, ruhlary şatdyr

Çagalar saz çalsa, ruhlary şatdyr

Saz – guş dili ýaly bir zat. Owaz ýelleriň, ýapraklaryň, tebigatyň gepleýşi ýaly gepleýär. Sazy adamyň ikinji ene dili hasaplaýarlar.

Ol Zeminde ýaşaýan adamzadyň on sekiz müň äleme gönderen notasydyr! Sazandalar dil bilen aýdyp bilmediklerini tarlaryň üsti bilen aýdypdyr, onda-da has täsirli, has hyruçly, indi näçe çarşenbeler-döwürler bäri ol täsirlerden ganman gelýäris. Ol sazlarda öz döwrüniň, ulus-iliň arzuw-hyýallarynyň, pikir- garaýyşlarynyň, dünýäniň geçmiş-geljeginiň, adamzadyň ykbalynyň owazly teswiriniň barlygyny-da bilmelidiris.

Owazlar wagty öňe alyp barýarlar. Nilgärler iki reňki garyp-gatyp, üçünjisini, dördünji-bäşinjisini…ýasaýarlar. Türkmen dutaryň goşa tarynyň sesi, täze bir owazy — gopuzyň sesine meňzeş dykyz ýaňy emele getirýär, türkmen sazlary tutuşlygyna şol owazdan ybarat.

Aýdym-saz ynsany süýji owazlara baý dünýä seýrana alyp gidýär. Sungat ynsanyň hyýalynda durmuş pursatlaryny we tebigatyň müň dürli öwüşginlerini janlandyrýar. Dünýä meşhur lukmanlaryň ýazmagyna görä, sallançakdaky bäbejigi ýeňiljek yralamak, hüwdi aýtmak ýa-da sazyň pessaý ýaňlanyp durmagy ony hereketlere we owaza imrindirýär. Olaryň birinjisi beden üçin hereket, ikinjisi hüwdiniň we sazyň owazy çaganyň ruhy üçin möhümdir diýip belleýär.

Alymlaryň öwrenmegi netijesinde, sazyň çaganyň ruhy saglygyna belli bir derejede täsiriniň ýetýändigi bellenilýär. Saz çaganyň degna ulgamyny rahatlandyrýar. Fleýta saz guraly hem ylymyň dürli ugurlaryna bolan ukyplaryny ösdürýär, ruhuny şat edýär.

Saz köp diňleýän körpeler ünslüligi, ýatkeşligi bilen beýleki çagalardan tapawutlanýarlar. Aýdym-sazyň owazy çaganyň eşidişini, ýatkeşligini, zehinini we artistlik ukybyny ösdürýär. Körpeleriň käbiri kiçiliginden dürli saz gurallarynda saz çalmagy öwrenýärler. Üflenip çalynýan saz gurallarynda, şol sanda fleýtada  saz çalýan çagalaryň dem alyş ýollarynda keselleriň öňüni alynýar.

Saz ir zamanlardan bäri adamy içki dünýäsine salyp, jadyly güýjüniň kömegi bilen onuň ünsüni eýeleýär. Ol körpejeleriň pikirlenme güýjüni haýsydyr bir daşky täsire jemläp,  pikirlenmek ukybyny bir ugra gönükdirip, oňa  zähmet üstünligini gazanmaga ýardam edýär. Aýdym-sazyň göçgünli owazy çagalarda işjeňligi oýarýar. Olar aýdym aýdýan wagtlary ýadawlygy hem duýmaýarlar

Sazandalar dil bilen aýdyp bilmediklerini tarlaryň üsti bilen aýdypdyr, onda-da has täsirli, has hyruçly, indi näçe çarşenbeler-döwürler bäri ol täsirlerden ganman gelýäris.

Abu Ali ibn Sina hem köp keselleri saz arkaly bejerenligi bize taryhdan mälim. Kämahal adamlaryň arasynda söz birinji döräpmi ýa saz diýen sowal döreýär. Pelsepeçiler hemişe saz birinji diýýär. Saz ynsana ruh berýär. Ata-babalarimiz dürli saz gurallaryny çalyp, ýörişlere çykypdyrlar. Çünki saz esgerleriň güýjüne güýç goşupdyr, goşuny ruhlandyrypdyr. Saz adamlaryň aruzw-umytlaryny amala aşyrmaga ýardam edýär we oňa uly güýji bagyş edýär.

Leýla Beşimowa,

Dänew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň fleýta hünäriniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: