JEMGYÝET

Kazanda türkmen-rus diplomatiki gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny bellediler

4-nji aprelde Tatarystanyň halkaryň dostlugy Öýünde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomaki hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu barada «Татар-информ» gündelik elektron neşiri habar berýär, diýip, «centralasia.news» ýazýar.

Myhmanlaryň öňünde bu Merkezi Aziýa ýurdunda gelen talyplar, şonuň ýaly-da ýerli estrada aýdymçylary çykyş etdiler.

Dabaranyň çäklerinde milli saz gurallarynyň we türkmen däp-dessurlaryna bagyşlanan kitaplaryň sergisi hem guraldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýulypdy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: