Serwi agajynyň gözelligi
Gadym zamanlardan bäri belli agaçlaryň biri-de serwi agajydyr. Onuň boýy uzyn, piramida şekilli bolup, hemişe gök öwüsýän, örän owadan pürli agaçdyr. Halk döredijiliginde serwi agajynyň owadanlygy, berkligi, uzynlygy çeper deňeşdirme hökmünde-de köp gabat gelýär. “Serwi boýly, serwi kamatly” diýen deňeşdirmeler bilen gelin-gyzlarymyzy taryplamak çeper edebiýata mahsusdyr. Baglar, diňe gözellik bolman, eýsem, olar tebigatymyzyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün edip, adamlaryň, janly-jandarlaryň sagdyn bolmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ekin meýdanlarynyň gyralaryna ekilende, tomsuna epgek ýellerden gorasa, gyşyna aňzak şemaldan goraýar.
Serwi agajy Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde gowy ösýär we gyşlaýar. Ýurdumyzyň yssy howasyna durnukly. Merkezi Aziýanyň göwher gaşy hasaplanýan ak mermerli gözel Aşgabadymyzyň seýilgählerine, ýol ýakalaryna serwi agajy özboluşly gözellik paýlaýar. Ol hemişe ýaşyl öwüsýär, diňe ýakymly ysy we ajaýyp daşky sypaty bilen tapawutlanmany, eýsem, ol özünden efir ýagyny, zyýanly mikroorganizmleri ýok ediji işjeň maddalary — fitonsidleri bölüp çykarýar. Howany zyýanly tozan bölejiklerinden arassalaýar. Serwi agajynyň ysy zyýanly mör-möjekleri hem ürküzýär. Şäherlerimizi, obalarymyzy abadanlaşdyrmakda, howany arassalamakda peýdaly bolan bu agajy ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar
Abdullaýewa Bahar
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby