JEMGYÝET

Kärendeçileriň armasy ýetirilýär

Kerki etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň işjeňleri bilelikde kärendeçileriň arasynda medeni-dynç alyş çäreleri yzygiderli guraýar. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde hem geçirildi.  Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýygymçylaryň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen guralan bu medeni çärede aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Günortan arakesme wagtyndaky göwün açyjy çykyşlar oba zähmetkeşleriniň ýadawlygyny aýryp, olara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti tarapyndan öňde baryjy ýygymçylara, ussat mehanizatorlara, sürüjilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: