Bilim ulgamy ösýär, özgerýär
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol bir sanda ýurdumyzyň ylym, bilim, sport ulgamlarynda-da ösen tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly üns berilýär. Häzirkizaman maglumatlar ulgamynda elektron hasaplaýyş maşynlary, awtomatlaşdyrylan dolandyryş we mikroprosessor tehnikasy giňden ulanylýar. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş ulgamlary, dolandyryş edaralary, ykdysady pudaklar maglumat tilsimatlarynyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär.
Bilimiň mazmuny we hili köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň derejesini kesgitleýär. Şonuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Kompýuter tehnologiýasynyň ýola goýulmagy her bir hünärmeniň, okuwçynyň, talybyň okuwy üçin zerur bolan programmalary özleşdirmegine, resminamalaryň kagyz görnüşinden elektron görnüşine geçilmegine, maglumatlaryň degişli ulgamda uzak wagtlap saklanylmagyna, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýörite geçirilýän sapaklar üçin taýýarlanylan slaýdlarda şekilleriň, maglumatlaryň berilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berilýän maglumatlar öz düzümi we beýan ediliş usullary boýunça ýönekeý bolmak bilen, okuw sapaklaryny has netijeli öwrenmäge mümkinçilik berýär. Sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.
Ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak derwaýys wezipe bolup durýar. Ylymly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesil ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň önümi bolan enjamlardan baş çykarýar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylmyň, bilimiň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Geljegimiz bolan ýaş nesil barada içgin aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Aksoltan REJEPOWA.
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.