JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaki TDMI-de täze binalar toplumy gurlar

Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitanzar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşygy mahalynda mälim etdi. Ol ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumyny gurmak baradaky teklip bilen Arkadagly Serdara ýüzlenjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa, Çynar Rüstemowa ýaly şahsyýetleriň şu institutyň uçurymlarydygyna ünsi çekip, täze binalar toplumynda Döredijilik merkezini açmagy we şol merkezde ýurduň adyny dünýä çykaran uçurymlar baradaky ýatlamalara aýratyn orun bermegimizi teklip etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: