BIZE YAZYARLAR

Nesillere nusgalyk dessurlar

Halkymyzyň taryhyna ser salsak, dünýä nusgalyk, solmaýan, ýyl  geçdigiçe  öwşün atýan nepis halylary dokap, dünýä  jahankeşdelerini haýran galdyrandyklaryna şaýat bolýarys. Eýsem, ene-mamalarymyz solmaýan ýüňleri taýýarlamakda nähili usullary peýdalandyka? Men hem taryhy dersinni okadanymda ýygnan goşmaça maglumatlarymdann hem peýdalanýaryn. Okuwçylar bilen ilat arasyndan taryha, milli mirasymyza degişli gürrüňleri ýazyp alyp, olar barada olar bilen pikir alyşýarys.

Käbir çopanlar goýnuň ýüňüne seredip, howanyň nähili boljakdygyny kesgitläp bilipdirler. Çünki goýnuň ýüňi daşky üýtgeşmeleri has çalt duýupdyr. Onuň ýüňüniň ýumşaklygyny, çyglylygyny görüp, ýagşyň ýagjakdygyny çak edipdirler. Saryja goýunlarynyň ýazky ýüňi işlenilip taýýarlananda has berk, maýyşgak, arassa ýüň ýüplügi ulanylýar. Bu ýüňler çig çekijiligi, aýazdan goraýanlygy, berk we çeýeligi bilen tapawutlanýar. Ýazky gyrkymda ýüňü süýümi has uzyn, ýumşak we berk bolýar. Şeýle ýüplükden dokalan halynyň çitimi asla bulaşmaýar. Saryja goýnuň ýazky gyrkym ýüňüni almak üçin çopanlar goýunlary suwly ýapdan geçirip, soňra gyrkypdyrlar. Öňler halyçylar ýüňi egirmezden öň hem boýap görer ekenler. Egrilen ýüp yz galdyrmasa, onda boýagyň ýerine düşdügi eken.

Ýüp boýamakda ajyny taýýarlamak üçin uly kersen alyp, oňa däneleriň ýogynlygy 3-4 sm bolan 4 kilogram töweregi bugdaý guýýarlar we tä däneler şineläp, 2-3 sm gök ösüntgi çykýança, her gün birnäçe gezek üstüne suw sepip durýarlar. Soňra şol gök ösüntgileri gyrkyp alýarlar, şol ösüntgileri alnan ýumşak ak däneleri garýarlar, soňra ony 10 litr töweregi suw guýlan kersene salýarlar we şol ýerde oňat mäjum edip, şiresini alýarlar. Kersendäki suw süýtpisint reňke gelýär, ony süzýärler, soňra gorküýzä ýa-da huma goýup, üstüne gysym zäk atyp, küýzäniň agzyny ýapyp goýýarlar we iki günläp ajadýarlar. Şondan soň onuň içine ýüpi salyp goýup, 10-12 gün saklaýarlar. Soňra ýüpi çykaryp, suw bilen ýuwýarlar hem-de ýüpi boýamak üçin taýýar bolar ýaly guradýarlar.

Türkmen halky ajaýyp ýörelgeleri we däpleri bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine hem saldamly goşant goşupdyr.

Saodathan Jumanazarowa,

Türkmenabat şäherinýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: