JEMGYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde täze önümleri öndürip başladylar

Türkmenabadyň tikin fabriginde mekdep okuwçylary üçin ýantorbalary (rýukzaklary) öndürip başladylar.
Olary gabardin matasyndan tikýärler. Bu mata berkligi boýunça jinsä ýakyndyr. Öndürijiler ýantorbalaryň gök reňklisini golanlar, gyzyl reňklisini gyzlar üçin niýetläpdirler. Önümiň ilkinji tapgyry «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň Aşgabat şäherindäki dükanlaryna iberildi.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde 1-3-nji synp okuwçylary üçin zähmet sapagynda geýer ýaly penjek görnüşinde tikilen öňlükleri, 4-7-nji synp okuwçylary üçin bolsa öňlükleri we ýeňlikleri hem öndürýärler. Mekdep okuwçylary üçin sport köýnekçeleriniň hem-de gyzlar üçin ak fartuklaryň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply