YKDYSADYÝET

Bellenilen meýilnama 118 göterim berjaý edildi

Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwluduz» kärhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 9 müň tonna golaýlady. Munuň özi şu ýylyň ýanwar aýy üçin bellenilen meýilnamanyň 118 göterime barabar berjaý edilendigini görkezýär. Çig mal gorlarynyň ätiýaçlyk mukdary 40 million tonnadan hem geçýän kärhanada nahar duzuny ýodlaşdyrmak sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji bolup, ýola goýuldy.

Balkanly duzçularyň gürrüňi edilýän aýda bu önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryga 189 göterim amal edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 117 göterim ýokarlandyrandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: