Arkadag şäherinde täze teatr gurulýar
Ahal welaýatynyň täze edara merkezi bolan Arkadag şäherinde täze Döwlet drama teatrynyň jaýynyň gurluşygy gidýär.
Ol türkmen teatr sungatyny esaslandyryjy, meşhur artist, dramaturg we režissýor Aman Gulmämmedowyň adyny göterýär. Onuň filmlerde ýerine ýetiren rollary türkmen kinosynyň altyn hazynasyna girdi.
«Akylly» şäherde täze teatryň açylmagy döredijilik toparlary üçin uly sowgat we milli sungaty ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädim bolar.